Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy ✦ ✦ Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Çaga terbiýelemek her bir parasatly ynsanyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr ✦ ✦ Ýaşlar — geljegi gurujylar ✦ ✦ Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy ✦ ✦ Daýhan baýasa, ýurt baýar ✦ ✦ Tebigatyň şypaly gymmatlygy ✦ ✦ Banklarda maliýe hasabaty we onuň seljermesi ✦ ✦ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ✦ ✦ Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
  17.11.2024
87
Türkmenistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar

2024-nji ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçiriler. Bu möhüm çäre iki ýurduň arasyndaky söwda, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Forumyň çäklerinde Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

Forumyň maksatnamasy we çäreler

20-nji noýabrda serginiň açylyş dabarasy we sebitara forum guralar. Şeýle hem, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler. Bu çäreler iki dostlukly ýurduň medeniýetini we sungatyny ösdürmäge uly itergi berer.

 

21-nji noýabrda bolsa söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklara bagyşlanan maslahatlar geçiriler. Forumyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar we dürli resminamalara gol çekiler. Şeýlelikde, forumyň netijesinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze mümkinçilikleri kesgitlener.

 

Bu forum, iki ýurduň ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen birlikde, türkmen-özbek dostlugynyň täze belentliklere çykmagyna ýardam eder. Şeýle çäreler sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde hem möhüm orun eýeleýär.

 

Forumyň we serginiň çäklerinde Özbegistanyň täze önümçilik mümkinçiliklerini görkezmek bilen birlikde, türkmen we özbek işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, forumyň netijeleri Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasyny has-da berkitjekdigi aýdylýar.

Jahan Mirabowa,
Türkmen oba hojalyk institutyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.