Biz Bitaraplyk bagtynyň eýeleri hökmünde özümizi dünýäniň iň bagtyýar adamlary hasaplamaga haklydyrys. Ol halkymyzyň milli buýsanjy, Ýer ýüzündäki abraý-mertebesi we egsilmez şan-şöhraty bolup, bizi ýyldan-ýyllara, döwürden-döwürlere tarap alyp barýar.
Parahatçylyk taglymaty arkaly abadan durmuşy döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen badalga alan taryhy eýýamyň bagtly aýlary, her bir hepdesi, ajaýyp pursatlara beslenen günleri halkymyzyň hakydasynda baky galjakdygyna doly ynanyp bileris. Hawa, soňky sanlyja ýyllaryň içinde hemişelik Bitaraplyk derejämizi pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň her bir ýylyny üstünlikler bilen garşylamakda, merdana pederlerimiziň agzybirlik, asudalyk, jebislik, ata mekany abadan saklamak ýaly ýörelgelerini dowam etmekde, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmakda abraýly menzillere ýetildi. Döwletimiziň daşary syýasatynda gazanylýan ajaýyp işleriň netijesinde milletimiziň halkara abraýy has-da belent derejelere göterildi.
Dost-doganlygy hoşniýetli gatnaşyklary, ynanyşmagy we ygtybarly geljegi gurmak ýoluny özüne ýörelge edinen halkymyz bu günki günde täze gadamlary bilen dünýä arenasynda mynasyp orun eýeläp, Zeminiň halklaryna nusgalyk ädimleri görkezýär. Şeýle guwandyryjy sepgitler bolsa, öz halkynyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary we beýik başlangyçlary bilen berk baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ugrundaky başlangyçlary bitaraplyk ýörelgesini ugur edinip, täze menzilleri nazarlaýar.
Bitaraplyk dostluga, doganlyga, goňşuçylyga aýratyn sarpa goýýan halkymyza ak ýollar açdy.
Bitaraplyk jeň-gowgany islemeýän, diňe parahatçylyk ýoly bilen düşünişmegiň tarapdary bolan parasatly halkymyza erkanalygy, erkliligi, özygtyýarlylygy bagyş etdi.
Bitaraplyk diňe bir şu günüň söhbetinde däl, ol türkmeniň emer-damaryndadyr, Şükür bagşynyň çalan mukamyndadyr, mähriban käbelerimiziň hüwdüsinde hemem bereketli desterhanymyzyň nygmatlaryndadyr.
Baky bagtyň gujagynda Bitaraplyk buýsanjymyzy dünýä ýaýýan Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan köňül alkyşlarymyz bolsa şol buýsanjyň özenindedir, özündedir.
Owadan ÝAZLYÝEWA,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hünärmeni