Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurt dillerini okatmaga we öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň çäklerinde dil gollanmalarydyr sözlükleriň üpjünçiligi hem hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Türkçe-türkmençe sözlük» atly täze okuw gollanmasy neşir edildi. Bu sözlük talyplar, terjimeçiler we dil öwrenmek isleýänler üçin örän peýdaly çeşme bolup durýar.
Neşir edilen sözlükde häzirki zaman türk edebi dilinde işjeň ulanylýan 20 müňe golaý söz we söz düzümleri türkmen dilindäki terjimeleri bilen bilelikde berilýär. Kitabyň awtorlary J. Gökleňow we A. Erjilasun bolup, ol Türkmen döwlet neşirýat gullugynda çapdan çykaryldy.
Türkmen we türk dilleri gadymy oguz diliniň dowamy hökmünde taryhy kökdeşlige eýedir. Şu nukdaýnazardan, iki dilde köp umumy sözler bar. Şeýle-de bolsa, uzak ýyllaryň dowamynda bu diller dürli ugurlarda ösüpdir. Sözlük gadymy oguz sözleriniň häzirki türkmen we türk dillerinde nähili görnüşlerde saklanyp galandygyny görkezýär. Mysal üçin, türkmen dilindäki «güneý», «ekmek» we türk dilindäki «sokak», «kuzeý» ýaly sözler taryhy arabaglanyşyklary ýatladýar.
Sözlükde türkmen dilinde ilkinji gezek hasaba alnan birnäçe täze sözler we düşünjeler bar:
Şeýle-de, türk dilindäki köp manyly sözleriň dürli düşündirişleri berilýär. Mysal üçin:
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen we türk dilleriniň deňeşdirme ylmy barlaglary täze ugurlary açdy. Türkmen diliniň Türkiýäniň bilim edaralarynda, türk diliniň bolsa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagy iki ýurduň arasynda dil we medeni gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bu sözlük diňe bir bilim almak isleýänler üçin däl, eýsem, işewürler, syýahatçylar we terjimeçiler üçin hem wajyp gollanmadyr.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Begenç BAHRAMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 3-nji ýyl talyby.