Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny
  21.11.2024
28
Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny

2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Azat Ataýewiň we Merkezi Aziýa üçin Ýewropa Bilim Gaznasynyň utgaşdyryjysy Kristina Hemşmaýeriň arasynda DARYA maksatnamasynyň üstünliklerini we geljekki hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Bu maksatnama, Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen, Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň hünär kämilligini ýokarlandyrmak hem-de hünär bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksadyny öz içine alýar.



 

Azat Ataýew Türkmenistanyň maksatnamanyň üç esasy modulynyň çäginde gazanan netijelerine ýokary baha berdi:

1-nji modul: Geljege gönükdirilen başarnyklary ösdürmek - bilim zerurlyklary barada maglumat ýygnap, ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk hünärleri meýilleşdirmäge ýardam edýär.

2-nji modul: kärlere çeýe we ötgür çemeleşmeler - dürli hünärler we deň mümkinçilikler bilen çeýe okuw ugurlaryny ösdürmek arkaly zähmet hereketini ýeňilleşdirýär.

3-nji Modul: Okatmaga we öwrenmäge gönükdirilen çeýe we inklýuziw çemeleşmeler - hünär bilimini häzirki zaman zähmet bazarynyň zerurlyklary bilen sazlaşdyrmaga mümkinçilik döredýär.


 

Türkmenistan, 3-nji modul çäginde SCAFFOLD usulyýetini işjeň ulanyp, okuw amallaryny döwrebaplaşdyrýar. Bu innowasion usul 102 sany kartoçkadan ybarat bolup, talyplaryň özbaşdak we döredijilikli başarnyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. Şeýle hem, bu usul mugallymlaryň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmegini üpjün edýär.

 

Kristina Hemşmaýer DARYA maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň gazanan netijelerine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini teklip etdi. Ileri tutulýan ugurlar şu aşakdakylary öz içine alýar:

    •    Öňdebaryjy tejribe merkezleriniň döredilmegi.

    •    Zähmet bazarynyň talaplaryny çaklamak üçin hereketleriň toplumynyň işlenip düzülmegi.

    •    Resmi däl bilimleri tassyklamak we ykrar etmek ulgamy.

    •    Bilim edaralarynyň hiline özbaşdak baha bermek usulynyň ornaşdyrylmagy.

 

Türkmenistan bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we hünär bilim ulgamyny halkara talaplaryna laýyk ösdürmäge taýýardygyny bildirdi. DARYA maksatnamasy ýurduň hünär biliminiň döwrebaplaşmagyna we zähmet bazarynyň ösüşine goşant goşýan möhüm gurallar bilen üpjün edýär.

Aýna Badakowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.