Greta Ota-dünýädäki iň bir geň galdyryjy we özboluşly kebelekleriň biri bolup ol esasan Amerikada has köp ýaýran.Bu kebelegiň ganatlarynyň gyralary melewşe reňkde bolup esasy bölegi reňksiz.Bu täsin ganat dokumalarynda ýörite nonostrukturalaryň bolmagy bilen gazanylýar.
Bu bolsa şöhlelendirmäni ep-esli peseldýär.Kebelegiň ganatynyň beýle gurluşly bolmagy onuň haýsy gurşawdadygyna baglylykda reňkini üýtgetmegine sebäp bolýar.Bu ajaýyp özboluşlylyk kebeleklere ösümlikler bilen garyşmaga we tebigy duşmanlaryndan gizlenmage mümkinçilik berýär.Aýna kebelegi özünde zäherli alkaloidleri saklaýanlygy üçin bulary guşlar iýmeýärler.
Aýşat ALLABERDIÝEWA,
Türkmen Oba hojalyk institutynyň talyby.