Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy ✦ ✦ Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Çaga terbiýelemek her bir parasatly ynsanyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr ✦ ✦ Ýaşlar — geljegi gurujylar ✦ ✦ Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy ✦ ✦ Daýhan baýasa, ýurt baýar ✦ ✦ Tebigatyň şypaly gymmatlygy ✦ ✦ Banklarda maliýe hasabaty we onuň seljermesi ✦ ✦ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ✦ ✦ Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy
  20.11.2024
46
Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy

Danalaryň biri: «Adamyň bütin ömri diňe terbiýe bilen geçýär» diýýär. Terbiýe ynsan durmuşynyň dowamynda birnäçe basgançakdan ybaratdyr. Çaga ilkinji terbiýäni öz maşgalasynda alýar. Soňra mekdebiň olara gujak açmagy bilen mugallymlaryň, terbiýeçileriň edep-ekram baradaky sapaklary başlanýar.

 

Her bir maşgala, ilki bilen, ata-enäni sylamagy, ululara we daş-töweregindäki adamlara hormat goýmagy ýaşaýyş-durmuşynyň düzgünnamasy hökmünde perzentleriniň gursagyna guýmaga çalyşýar. Maşgalada we köpçülikde tertip-düzgüni saklamak, pederlerimizden miras bolup gelýän edep kadalaryny berjaý etmek milli terbiýämiziň ýazylmadyk kanunydyr. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillere görelde bolup duran il sylagly ýaşulularymyz hem şol terbiýäniň nusgalyk mekdebidir. 

 

Bagtyýar nesilleriň aglabasynyň durmuşy çagalar baglary bilen hem berk baglydyr. Çünki körpeleriň mekdep ýaşyna çenli köp wagty çagalar edaralarynda geçýär. Bu ýerde olara diýseň joşgunly we baý mazmunly pursatlar garaşýar. Şonuň üçin hem ilkinji gezek körpeje nesil bakja-bagyna kabul edilende onuň talabalaýyk uýgunlaşdyrylmagy zerurdyr. Çünki çagalaryň öz bakja-bagyna yzygiderli höwesli gatnamaklarynyň binýady ilkinji pursatlarda mäkäm goýulsa netijelidir.

 

Mekdep hem edil maşgala ýaly berk we kemally terbiýe ojagydyr. Çaga mekdebe baryp, köpçülik bilen nähili iş salyşmalydygyny, oňşukly ýaşamagyň ýollaryny, esasy hem, bilimler dünýäsine aralaşmagy öwrenýär. Mekdep mugallymlarynyň çagalaryň her biriniň şahsyýetlik aýratynlyklaryna görä çemeleşmegi bolsa, çaganyň hakyky häsiýetini, başarnygyny ýüze çykarýar. Gumanitar, taryh ylymlaryna ökde okuwçynyň takyk bilimleri öwredýän sapaklardan asgyn bolmagy mümkin. Ýöne bu onuň düýpli zehinsizdigini aňlatmaýar. Şeýle ýagdaýlarda çaga zähmet terbiýesini berip, sapaklaryna köpräk taýýarlanmagy, akylly, tertipli bolmagy ündelse, onuň zehini açylmak bilen bolýar. Käbir çaga gürlemäge, ýat tutmaga ökde bolýar. Käbiri bolsa, guýmagursak zehinli bolsa-da, öz pikirlerini beýan etmegi başarmaýar. Şular ýaly ýagdaýda oňa jemgyýetçilik terbiýesi kömek edip biler. Ulularyň olara öz bilýänje zadyny utanman, çekinmän aýtmagy, deň-duşlary, mugallymlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagy öwretmegi okuwçylarda özüne bolan ynamy döreder.

 

Terbiýe meselesinde türkmen halky milli ýörelgeleri aýratyn orunda goýýar. Sebäbi milli terbiýe her bir halkyň ýüzi hasaplanýar. Türkmen öňde-başda watansöýüjiligi bilen tanalypdyr. Birsözlülik, dogruçyllyk, messeplilik, ygrarlylyk, söýgi-dostluga wepalylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň oňlanyp, ýalançylyk, ikiýüzlülik, hilegärlik, biwepalyk ýaly ýaramaz endikleriň ýazgarylmagy çagalaryň elmydama gulagynda galýar. Bu häsiýetler ata-eneleri, uly doganlary tarapyndan göreldelik derejesine ýetirilende bolsa, nusgalyk edim-gylymdan gözi-göwni ganan çagalar diňe gowulyga gol berip, halallyga uýýarlar.

 

Perdegül ÝOLLYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.