Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy ✦ ✦ Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Çaga terbiýelemek her bir parasatly ynsanyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr ✦ ✦ Ýaşlar — geljegi gurujylar ✦ ✦ Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy ✦ ✦ Daýhan baýasa, ýurt baýar ✦ ✦ Tebigatyň şypaly gymmatlygy ✦ ✦ Banklarda maliýe hasabaty we onuň seljermesi ✦ ✦ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ✦ ✦ Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
  20.11.2024
30
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Pähim-parasady umman, ylahy gudratly ynsan,

Geçmiş taryh, aýdyň şu gün, geljekden söz açýar kyssaň,

Aňlaýana ylham syryn, bentleriň şygyr däl, dessan,

Milli Lidermiziň şygry, waspyňa köňül kelamy,

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Gördüň jebri-jepasyny, bu synag doly heňňamyň,

Wah, Menem derdin çekişsem, Mämmetsapa, Abdyllanyň,

Bu gün ýat bolup gaýgylar, geldi çoh istän eýýamyň,

Älemi haýrana goýýar, sansyz ýeňişleriň şany,

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Bilim öýleň Idrisbaba, Gögeldaş, gözel Şirgazy,

Çar baglarda saýrar bilbil, misli Meňliniň yşk sazy,

Söýgiden söz açsa sözüň, artar gözelleriň näzi,

Yşk meýinden süzen güller, buşlaýar çüwen ykbaly,

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Bagty buşlap pasyrdaýar, asmanda ýaşyl Tugumyz,

Yklymlary haýran kylýar, bu gün gül açýan bagtymyz,

Toý tutumyn uly tutýar, agzybir türkmen halkymyz,

Milli Lidermiziň şygry şanly ýylmyzyň şygary,

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Begenç Baýramow
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.