Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi
  18.11.2024
115
Innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

Ýaňy ýakynda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlary we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty tamamlandy. Bu forum, ýurdumyzyň hünärmenleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen tejribe alyşmagyny, gatnaşyklary ösdürmekde we özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda möhüm orun eýeledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Forumyň çäklerinde, «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilip, olara gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Bu bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de hünärmenler gatnaşdylar. Bäsleşik, sanly bilimiň ösdürilmegi, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we innowasion serişdeleriň ykdysadyýete we beýleki pudaklara çekilmegi maksady bilen geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjilar köp sanly täze innowasion taslamalar bilen çykyş etdiler, we bu taslamalaryň häzirki wagtda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilmegi dowam etdirilýär.

 

Bäsleşigiň jemleniş dabarasynda, ýaş zehinleri ýüze çykarmak we höweslendirmek, täze programma üpjünçiligini taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça «Sanly çözgüt – 2024» atly bäsleşigiň möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellenildi. Şeýle hem bäsleşigiň ýeňijilerine sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.

 

Bäsleşik saglygy goraýyş, ylym we bilim, elektron senagaty, ulag we logistika, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy, robototehnika ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanlylaşdyrmak, ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu işler pudaklaryň döwrebaplaşmagyny üpjün etmekde we döwrüň talabyna laýyk getirmekde möhüm orun eýeleýär.

 

Gülnar ATAÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.