2024-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Brýussel şäherinde Ýewropa Parlamentiniň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 7-nji parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet Miçlisi (DIM) web-saýtynda habar berildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklary we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy Ýusupguly Eşşäýew ýolbaşçylyk etdi, Ýewropa tarapynyň wekiliýetini bolsa Merkezi Aziýa we Mongoliýa bilen gatnaşyklar boýunça Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň başlygy Juzi Prinçi ýolbaşçylyk etdi. Adam hukuklary, hukugyň hökmürowanlygy we sosial syýasat meselelerinde, Türkmenistan öz işjeň hyzmatdaşlygyny Ýewropa Bileleşigi, ÝHHG we BMG bilen dowam etdirýändigini, şeýle hem adam hukuklaryny goraýyş we durmuş kepilliklerini berkitmek boýunça gazanylan üstünlikleri aýtdy. Türkmenistanyň wekiliýeti raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça soňky gazanylan sepgitleri beýan edip, gepleşiklere açykdygyny mälim etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan, Ýewropa Bileleşigi bilen ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek üçin alyp barýan tagallalaryny beýan etdi. Wekiliýetler, ykdysady gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirip, Türkmen tarapynyň bazar elýeterliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirmek we hyzmatdaşlaryň ählisi üçin deň şertleri üpjün etmek maksady bilen kanun çykaryjy çäreleri durmuşa geçirýändigini belläp geçdiler.
Şeýle hem, duşuşykda Merkezi Aziýanyň Ýewropa bilen Aziýa arasyndaky geosyýasy we ykdysady köpri hökmünde rolunyň ähmiýeti nygtaldy. Ulag we infrastruktura pudagynda, şeýle hem sebitleýin ulag başlangyçlary arkaly özara arabaglanyşygy güýçlendirmäge gönükdirilen maksatlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýene-de, şu ýylyň oktýabr aýynda Ýewrokomissar Ýutta Urpilaýneniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ulag pudagynda utgaşdyryjy platformasynyň üstünlikli işe girizilendigi belledildi. Duşuşygyň jemlenerinde taraplar, akademiki alyş-çalyşlaryň we sebitara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini tassykladylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň wekiliýeti, Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň bilim ministrleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek baradaky teklibini kabul etdi.
Ikram ATAJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.