Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda obasenagat ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, uly ösüşler gazanylýar. Döwletimiz tarapyndan ýer, suw, dökün, tohum hem-de tehnika babatda döredilýän giň mümkinçiliklerden, döwrebap şertlerden netijeli peýdalanýan edermen daýhanlarymyz, oba hojalygy boýunça iş alyp barýan hususy düzümler ýylyň-ýylyna bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň, dürli görnüşli miweleriň, ir-iýmişleriň, gök-bakja önümleriniň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant goşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz her hepdede Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen geçirýän iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde oba hojalygy boýunça alnyp barylýan möwsümleýin işleriň, amala aşyrylýan özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtaýar. Şunda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygy hem-de uly ähmiýete eýedigi barada aýdylýar.
Halkymyzda «Daýhan baýasa, ýurt baýar», «Dünýäni daýhan ekleýär» diýen parasatly sözler bar. Hakykatdan-da, daýhanlaryň arly ýyl çeken yhlasly zähmetiniň ýerine düşüp, ene ýerden bol hasyl almagy ýurt üçin hem, halk üçin hem bähbitlidir. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiz tarapyndan daýhanlaryň ene ýere alyn derini, yhlasyny siňdirip, dürli görnüşli ekinlerden bereketli hasyl ýetişdirmekleri, halal zähmet çekip baýamaklary babatda zerur bolan ähli mümkinçiliklerdir döwrebap şertler yzygiderli döredilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri, obasenagat toplumynyň agzybir işgärleri üçin hem düşümli, rysgal-bereketli ýyl bolandygyny, şanly ýylyň eýýäm ilkinji aýlaryndan başlap, täze oba hojalyk özgertmeleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny bellemelidiris. Has takygy, Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakyndaky Karara gol çekmegi bolsa ene topraga ykbalyny baglan daýhanlaryň asylly kesbine yhlasdyr söýgüsini has-da artdyrdy, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ählisini maliýe taýdan höweslendirdi. Şoňa görä-de, indi olar ýere ideg edip, bereketli önüm öndürmäge, oba hojalygyny intensiw usulda ösdürip, az ýerden köp hasyl almaga, bazarlardaky önüm bolçulygyny berkitmäge täzeçil usullarda çemeleşýärler, bu babatda döredijilikli gözleglerde bolýarlar. Şunda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ýerlerdäki komitetleri tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijileri has netijeli zähmet çekmäge höweslendirmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, olaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigini ýeri gelende belläp geçen ýagşy.
Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.