Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Döwlet dolandyryşy Astananyň gün tertibinde
  19.11.2024
193
Döwlet dolandyryşy Astananyň gün tertibinde

Anna güni Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Döwlet dolandyryşy we döwlet gullugy: häzirki wagty we geljegi” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahaty Gazagystanyň Döwlet dolandyryş akademiýasy gurady.

 

Bu maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Azerbaýjan, Koreýa Respublikasy, Beýik Britaniýa, Belgiýa, Bolgariýa, Russiýa Federasiýasy, Ermenistan, Germaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri we Litwa ýaly ýurtlaryň döwlet wekilleri maslahatyň myhmanlary boldular.

 

Maslahatyň dowamynda döwlet dolandyryşy babatyndaky häzirki zaman ýörelgeleri we iň gowy tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasan hem, döwlet hyzmatlaryny hödürlemekde emeli aňyň we awtomatlaşdyrmagyň orny, şeýle-de raýatlar we işewürler üçin bu hyzmatlaryň elýeterliligini gowulandyrmak we sanlylaşdyrmak meseleleri barada pikir alşyldy.

 

Türkmenistanyň wekilleri maslahatda ählumumy özgertmeler şertlerinde döwlet gullukçylarynyň başarnyklaryny ösdürmek, döwlet dolandyryşynda ahlak gymmatlyklarynyň orny we gullukçylary taýýarlamakda ulanylýan kada-kanunlar bilen baglanyşykly meseleler boýunça çykyş etdiler.

 

Maslahatyň jemleri esasynda sebitleýin we halkara diplomatigi ösdürmek, döwlet dolandyryşynda gullukçylaryň umumy aňyýetini kämilleşdirmek boýunça birnäçe möhüm kararlar kabul edildi. Şeýle-de, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen täze inisiatiwalara aýratyn üns berildi.

Perhat Jumaýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby