Türkmenistanyň kabul eden kanunçylyk namalary, adamyň arassa we sagdyn tebigy gurşawda ýaşamak hukuklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edilendir we bu çäreler ýurduň tebigaty goramak boýunça öňe sürýän strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu hukuk resminamalary, diňe Türkmenistanyň däl, eýsem dünýäniň giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam berýär. Meselem, howanyň arassaçylygyny goramak, şäherleri "gök zolaklar" bilen gurşamak, suw, ýer we tokaý seýrekleşdirişleriniň berk goragyny döretmek, şeýle hem ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini saklamak üçin esas bolup durýar.
Häzirki döwürde, howanyň üýtgemegi we suw meseleleri bütin dünýäde ösüşiň esasy şerti hasap edilýär we bu meseleleriň ählumumy derejesinde çözülmegini talap edýär. Şu ýagdaýda, BMG-niň tebigaty goramak baradaky birnäçe Konwensiýalaryna goşulan Türkmenistan, bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda, halkara suw hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin köp tagallalary amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we çölleşmä garşy göreşmek ugrunda teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanyldy.
Ekologiýa düşünjesi adamyň we onuň daşky gurşawynyň özara baglanyşygynyň toplumyny göz öňünde tutýar. Adamyň ýaşaýşy tebigat bilen sazlaşykly bolup, onuň baýlyklaryny pähimli peýdalanmak, ekologik durnuklylygyň saklanmagyny üpjün edýär. Milli Liderimiziň aýtmagyna görä: «Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň özlerine mahsus bolan ýörelgelerini döredipdirler». Şuňa laýyklykda, Türkmenistan suw, ýer serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, biologik köpdürlügiň we tebigy aýratynlyklaryň saklanmagy, gök zolaklaryň döredilmegi boýunça uly işler alyp barýar. Daşky gurşawy goramak we ekologiýany durnukly saklamak babatynda ýerine ýetirilen işler, ýurduň halkara borçnamalaryny doly berjaý edýändigini görkezýär.
Çynar NURJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.