BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň we sebitdäki hemme döwletleriň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş edendigini bellemek ýakymlydyr.
Munuň özi Türkmenistanyň dünýäde «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygynyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işlerini, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň formatynyň yzygiderli berkidilýändigini, şeýle-de Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler Jarnamasynyň kabul edilendigini, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilip, Merkezi Aziýanyň ýaşlar forumynyň döredilendigini nygtamak gerek.
Merkezi Aziýa taryhyň ähli döwürlerinde-de halklaryň arasynda dürli ugurly gatnaşyklary alyp barmakda geografik amatlylyk bilen bir hatarda, medeni-aň jähetden hem ygtybarly bolupdyr. Çünki birek-birek bilen hyzmatdaşlygy, oňyn gatnaşygy ýola goýmak üçin, ilkinji nobatda, aň-düşünje kämilligi gerek. Beýik-beýik döwletlere, hanlyklara, begliklere şaýatlyk edip, ylym-bilimiň ojagynda kemala gelen sebitiň ösen düşünjeli, kämil ruhly halklary bolsa bir-biregiň diline, dinine, dünýägaraýşyna hormat goýmagy başarypdyr. Şonuň netijesinde-de bu sebitiň üsti bilen medeniýetleriň bitewüligi, syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň berkligi kemala gelip, biziň häzirki günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan bu ugurdaky alnyp barylýan işleri mynasyp dowam edýär.
Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygyny görkezýär.
Rahym ŞAMEÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.