Nar örän peýdaly ösümlikleriň biri hasaplanylýandyr. Ol Gadymy Rimde ,,däneli alma’’ diýlip atlandyrylýar. Onuň her bir böleginde nahar bişirmekde we lukmançylykda ulanylýan maddalar bar.
Nar ýakyn Gündogarda, Kawkazda, Afrikada we Aziýa ýurtlarynda köp duş gelýän miwedir. Bu miwe ýylylygy söýýändir. Onuň esasy ýetişiş möwsümi sentýabrdan noýabr aýyna çenli dowam edýär. Olaryň saklanyş möhletiniň uzak bolanlygy sebäpli olary ýylyň dowamynda her möwsümde hem satyn alyp bolýar. Öňki döwürlerde nar bal we däne bilen deňeşdirilipdir. Gadymy grekler we rimliler bu miwäniň diňe bir tagamyny däl, eýsem bu miwäniň peýdalaryny hem belläpdirler. Witaminleriň we minerallaryň mukdary boýunça nara deň gelýän miwäni ýa-da başga bir ösümligi tapmak kyndyr. Birnäçe gözlegleriň netijesinde alymlar onuň dürli keselleri döretmek howpuny azaldýandygyny anykladylar. Şeýle hem, süýjüligine seretmezden, nar az kalorili önüm hasaplanylýar (100gram başyna 83kkal).
Nar immuniteti güýçlendirýär we çişmegiň öňüni alýar. Şiresi gipertoniýa, süýji kesellerine kömek edýär. Nardaky maddalar bakteriýa we kömelek ýokançlarynyň patogenlerini zyýansyzlandyrýar. Mundan başga-da, nar şiresini içmek ýadyny göwulaşdyrýar we fiziki çydamlylygy yokarlandyrýar. Nar zyýanly täsirlerden we toksinlerden netijeli goraýan we wagtyndan öň garramagyň öňüni alýan maddalary öz içine alýar.
Albina ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk
institutynyň talyby