Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti
  20.11.2024
105
Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti

Körpe nesli döwrebap kemala getirmekde mekdebe çenli bilim edaralarynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny özgertmek, olardaky berilýän bilim-terbiýäniň mazmunyny baýlaşdyrmak we okatmagyň täze hem netijeli usullaryny gözlemek babatda esasy wezipeler öňümizde durýar. Şeýle wezipeleriň çözgüdi, elbetde, dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebap ösýän ýurdumyzda halkara bilim tejribelerini öwrenmek, bilimi sanlylaşdyrmak, şeýle hem çagalar baglarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky üstünlikler bilen berk baglanyşyklydyr.

 

Şunda çagalar baglarynyň işgärleriniň innowasiýa tehnologiýalaryndan gowy baş çykaryp bilmekleri, animasiýalara baý okuw we terbiýeçilik sapaklary uly ähmiýete eýedir. Hünärmenleriň sapakdan daşary işleri talabalaýyk guramaklaryna, okuw-terbiýeçilik işiniň täze usullaryny ulanmaga bolan başarnyklarynyň ýüze çykarylmagyna we beýleki döwrebap iş usullaryna bolan üns barha artýar. Häzirki döwür özüniň maglumatlar eýýamy bolmagy bilen aýratyn tapawutlanýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesinde bar bolan innowasiýalar milli bilim ulgamynda çagalar baglarynyň iş tejribesine ornaşdyrylýar. Munuň üçin ýurdumyzyň mekdebe çenli bilim edaralarynda sanly ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Maglumat-tehnologiýa enjamlarynyň doly we dogry işledilmegi üçin zerur bolan şertler üpjün edilýär.

 

Çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň sanly bilimde döredilýän şertlerden peýdalanmaga ukyply hünärmenler hökmünde iş alyp barmaga taýýarlykly bolmaklaryna uly ähmiýet berilýär.

 

Mekdebe çenli bilim basgançagynyň sanlylaşdyrylmagyna geçilýän häzirki döwürde terbiýeçileriň, usulyýetçileriň maglumat-tehnologiýalaryndan, tehniki serişdelerden, multimedia tagtadan ýa-da kompýuterlerden netijeli peýdalanmagy ussatlyk bilen başarmagy gerek. Olar, ilkinji nobatda, merkezleşdirilen maglumatlardan peýdalanmagy galyberse-de, ökde terbiýeçileriň taýýarlaýan aýry-aýry okuw maglumatlaryny tapmagy we ulanmagy başarmalydyr. Belli bir maglumat toruna birikdirilen ulgamdan gerekli materiallary almak, ondan nämäni we nähili peýdalanmalydygyny iş ýüzünde görkezmek, öz işiniň ähmiýetini ýüze çykarmak hem-de tejribesini ýaýratmak çagalar bagynyň işgärleriniň — terbiýeçileriň, usulyýetçileriň wezipesine degişlidir.

 

Bular bilen baglanyşyklylykda, ýagny döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyklykda, biziň çagalar bakja-bagymyzda hem innowasion-maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanmaga, dünýä we milli tejribeleri öwrenmäge höwesek hünärmenleriň zähmet çekýändigini belläsim gelýär. Terbiýeçilerimiz her bir guraýan sapaklarynda kompýuterlerden peýdalanyp, animasiýaly sapaklary gurap, terbiýeçilik maksatly çärelerde körpe nesliň ünsli-höwesli bolmagyny gazanmak üçin jan aýaman zähmet çekýärler.

 

Gülşirin AMANGELDIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.