Türkmenistanly ýaş alym Dawut Döwletow Gazagystanyň “Bilim-orkenieti” Milli innowasiýa ylmy-barlag merkezi tarapyndan geçirilen abraýly bäsleşikde ýeňiji boldy. Bäsleşik türki halklaryň ýurtlaryndan gelen ýaş zehinleriň arasynda geçirilip, sport, döredijilik we ylmy gazanylanlary boýunça öňe saýlananlary ýüze çykarmaga gönükdirildi.
Dawut Döwletow, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, halkara eminiň ünsüni özüniň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri bilen özüne çekdi.
Ýeňijiniň üstünliginde onuň mugallymy Kadyr Amanowyň goldawy aýratyn orun eýeläpdir. Kadyr Amanow, umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy hökmünde, talyby ylmy işlerde we şahsy ösüşde giňden höweslendiripdir. Dawut bu barada şeýle diýip geçýär:
"Mugallymymyň maňa bolan ynamy we yzygiderli goldawy uly üstünliklere ýol açdy. Men bu ýeňşi ähli gollaw berenlere bagyşlaýaryn."
Dawut Döwletowyň halkara derejesindäki üstünligi Türkmenistanyň ýaşlarynyň zehinleriniň dünýä derejesinde tanalýandygyny görkezýär. Bu ýeňiş türkmen ýaşlarynyň sportda, ylmy barlaglarda we çeper döredijilikde gazanan ýokary derejesiniň ýene-de bir subutnamasydyr.
Dawut ýeňiş gazanan halatynda şeýle diýdi:
"Bu ýeňiş meniň üçin Watanymy mynasyp wekilçilik etmekde uly dereje. Men ýaşlary özümiň mysalym bilen täze mümkinçiliklere ymtylmaga ylham bermek isleýärin."
Türkmenistanly Dawut Döwletow ýaly ýaş alymlar we sportçylar ýurdumyzyň abraýyny has-da beýgeltdiler. Biz Dawudy tüýs ýürekden gutlaýarys we oňa geljekki işlerinde täze üstünlikler arzuw edýäris!