Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Sanly ulgamyň öňegidişlikleri
  17.10.2024
133
Sanly ulgamyň öňegidişlikleri

Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny amala aşyrmak bugünki gün möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistan Watanymyzda hem döwrebap tilsimatlardan we tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak we onun mümkinçiliklerini biziň ykdysady kuwwatymyzy artdyrmaga gönükdirmek şu günüň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biridir. Şeýlelikde, ýurdumyzda halk hojalygynyň, bilim ulgamynyň, ykdysadyỳetiniň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylyar. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaỳyn ýerine ýetirilýän işleri döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Şeýlelikde, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmaga girişildi.

 

Hemmämize mälim bolşy ýaly, islendik ýurduň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda esasy ýagdaýlar bolup, ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde  uly ähmiýete eýe bolup, ol maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

 

Döwrebap ylymy bilimi halkara ykdysady, medeni tehnologik giňişlige goşulmak bilen, netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar. Hut şonuň üçin hem milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan başlangyçlary esasynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly ata Watanymyzyň ösüşlerini has-da artdyrmagy we ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmak maksadyny wezipe edip goýdy. Munuň özi hem Tükmenistan ata Watanymyzyň gün saýyn ösýändiginiň özgerýändiginiň aýdyň mysalydyr.

 

Begençgeldi GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.