Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti geçirildi ✦ ✦ Magtymguly Pyragy Türkmen we Ermeni medeniýetleriniň arasyndaky köpri ✦ ✦ Döwrebap tehnologiýalar Ýurdumyzdaky özgertmeleriň täze ädimi ✦ ✦ Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçirildi ✦ ✦ Täsin tebigat hakda ✦ ✦ Paýtagtymyzda lukmançylyk merkezleri açyldy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar
  16.10.2024
27
Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar

“Astana” diplomatik kluby türkmen telekeçileri üçin Gazagystana işewürlik saparyny guraýar. Bu sapar 2024-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan 1-nji noýabryna çenli geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi.

 

Çäräniň esasy maksady iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmesidir. Saparyň çäklerinde gatnaşyjylaryň Gazagystanyň esasy ykdysady merkezlerine, şol sanda Almaty, Žetysu, Astana we Almaty oblastyna baryp görmeleri meýilleşdirilýär.

 

Işewürlik saparynyň maksatnamasy Gazagystanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini, ýerli telekeçiler bilen “B2B” görnüşindäki duşuşyklary we özara bähbitli ylalaşyklaryň bagyşlanmagyny öz içine alýar. Mundan başga-da, işewürlik meselelerine jogapkär döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryň geçirilişi, senagat desgalaryna baryp görmek we Gazagystanyň Premýer-ministriniň we halkara maýadarlaryň gatnaşjak halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak meýilleşdirilýär.

 

Guramaçylar, işewürlik saparynyň türkmen telekeçilerine Gazagystanyň bazarynda öz orunlaryny giňeltmek we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin amatly mümkinçilik döredýändigini bellediler.

 

Allanazar IGDIRBAÝEW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika
institutynyň talyby.