Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutymyzda özbek dilinde çap edilen Magtymguly Pyragynyň "Saýlanan eserleri "kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Dabaranyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Bahrom Abduhalimow, Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Gaýrat Majidow, Mirzo-ulugbek adyndaky Özbegistan milli uniwersitetiniň rektory Inom Majidow, Alişer Nowaýy adyndaky Özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professory Bahodir Karimow, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Özbek dili we edebiýaty halk döredijiligi institutynyň ylmy işgäri Ergaş Oçilow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Burunow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi Kakajan Janbekow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Oguloraz Eýeberdiýewa dagy çykyş etdiler.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler iki doganlyk halklaryň arasyndaky umumylyklar dilimiz, medeniýetimiz, dinimiz bir bolup "Bir derýadan suw içip" "Uzakdaky garyndaşdan ýakyndaky goňşy " diýp belläp bilelikde agzybirlikde ýaşap gelýändiklerini şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny her bir özbegistanly halkyň dilleriniň senasy we öýleriniň töründe mynasyp orunynyň bardygy dogrysynda çuňňur we manyly çykyşlar yzgiderli boldy. Hemmämiziň bilşimiz, ýaly Magtymguly Pyragynyň ilkinji terjime kitaby 1958ýylda 300müň ekzemplýary neşir edilendigi we Horezmde goşgularyň 200-den gowrak töweregi aýdym edilip aýdylýanlygy bu iki dost-doganlyk halkyn Magtymguly atamyzyň eserlerine bolan sylag-hormatyndan habar berýär.
Bu dabara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gündogaryň beýik akyldary, söz ussady, filosof Magtymguly Pyragynyň eserleriniň at-abraýynyň dünýä dolandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Dabaranyň ahyrynda özbek estradasynyň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde "Goý hemişe ýaşasyn türkmen-özbek doslygy" atly şowhunly aýdymy ýerine ýetirdiler.
Toýly MYRATGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.