Diýarymyza Şanly Garaşsyzlygymyzyñ 33 ýyllyk baýramy ýetip geldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyñ dabaraly toýunyň bellenýän günlerinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyñ her bir güni toýdur baýrama, şatlyk şowhuna beslenýär. Bu barada TÜRKSOÝ-da, BMG-nyň Baş Assambleýasynda hem aýratyn bellenip, eziz Watanymyzda geçirilen maslahatlaryň resminamalary BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, dünýä ýaýradylmagy, her bir türkmen raýatynyň başyny göge diretdi. 1991-nji ýylyñ altyn güýzünde ata-babalarymyzyñ arzuwlan erkinligi wysal boldy. Bu gün öz mähriban, asuda Watanymyzyñ Garaşsyzlygynyñ 33 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýäris. Garaşsyzlyk bu - biziñ baş baýramymyz. Biz oña buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Başymyzyñ täji, gözlerimiziň göreji bolan bu baýram ýüzümiziň tuwagy, bagtymyzyñ çüwmegidir, bagtyýar geljegimiziñ buşlukçysydyr.
Türkmen halkynyň alnyndan ak Gün bolup dogan mukaddes Garaşsyzlygymyz sen biziñ ilimize egsilmez bagt bolup geldiñ, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyñ!
Güýjümize güýç goşdyñ, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup dolduñ! Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, külli türkmen halkyny ýetip gelen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmeniň tuguny belentde parladýan, halkyny eşretli zamanada ýaşadýan, biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmage, döretmäge şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýäntürkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamazat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Bike ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.