Garaşsyzlyk – pederlerimiziň özbaşdak döwlet bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, ynsanperwer däp-dessurlarymyzy, ruhy we milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilikleri döredip berdi. Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoly köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenip, täze-täze maksatlara, ýokary menzillere ýetmegiň özeni bolup durýar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna daýanyp, parahatçylygy, abadançylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek işlerini, dürli halklar bilen dostlukly aragatnaşyklary ýola goýmagy özüne maksat edinýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bolup geçýän özgertmelere baha bermek bilen, ösüşüň her bir gününiň, her bir aýynyň, senesiniň taryhy ähmiýetli medeni, syýasy, ykdysady wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýtsak bolar. Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistanda şöhratly ata-babalarymyzyň halk häkimýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede dowam etdirilýär.
Şu günlerde ynsan azatlyklaryny we hukuklaryny goramak, ylym, bilim, ykdysadyýet, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Garaşsyz döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli, dostlukly, ykdysady hyzmatdaşlyklary giňeldilýär.
Sona AWIŞEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Agroekalogiýa fakultetiniň
Ekologiýa kafedrasynyň mugallymy