Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Garaşsyzylygy — bagtyýar geljegimiziň buşlukçysy ✦ ✦ Syýahatçylyk pudagy - parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň baýdagy ✦ ✦ Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň sarsmaz sütüni ✦ ✦ Brend hökmany gerekmi? ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir ✦ ✦ Garaşsyzlyk daýanjymyz ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy ✦ ✦ Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
  24.09.2024
81
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda diýarymyzda ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Eziz ýurdumyzda — ählitaraplaýyn durnukly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwletinde ýaşamak, halal zähmet çekmek döwletlilikden alamatdyr. «Maslahatly il myrada ýeter» diýilşi ýaly, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi jemgyýetiň we döwletiň ösüşinde örän möhüm orny eýeleýär. 

 

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda milli parlamentiň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem-de dürli ulgamlaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. 

 

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda taryhy ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Eziz ilimize döwletli döwrany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin!

 

Amanbagt USSAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.