Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ylym hem-de bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler halkymyzyň durmuşyna uly özgerşikleri girizjek ylym açyşlara badalga berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris.” diýip, ýurdumyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Şeýle uly ynama mynasyp jogap berjek, Watanymyza mynasyp bolup ýetişjek ýaş nesli kämil derejede terbiýeläp ýetişdirmek ilkinji nobatda biz - mugallymlaryň paýyna düşýär.
Jemgyýet bina bolsa, maşgala onuň sarsmaz sütüni hasaplanýar. Çagalara berilýän edep-terbiýe bolsa ertirki günde jemgyýetimiziň nähili boljakdygyny kesgitleýär. Hut şu esasdan hem her bir mugallym edep-terbiýeli şahsyýetleriň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda aýratyn aladalanýarlar.
Mekdep ýyllarynda ýaşlar uly durmuşa gadam basýarlar, hünär saýlamaga ugrukýarlar.
Hormatly Prezidentimiz ýurduň geljeginiň şu günki nesilleriň ylym-bilimine, sagdynlygyna, ahlak arassalygyna baglydygyny bellemek bilen, bu meseläni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ýurdumyzda çagalaryň okamaklary, dynç almaklary, saglygyny berkitmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini uly buýsanç bilen bellemek gerek.
Nesilleriň dünýä derejesinde bilim almaklary ugrunda çäksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gülälek BAÝRAMDURDYÝEWA,
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň
2-nji orta mekdebiniň başlangyç synp
mugallymy.