Garaşsyzlyk baýramy parahatçylygyň we abadançylygyň agzybirligiň we jebisligiň baýramydyr. Mähriban Diýarymyzyň özbaşdaklygy özygtyýarlylygy barada pikir ýöredilende, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýörelgeleriniň pugtalanmagynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda döwletimiziň özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna goşulmagynda bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellemek guwandyryjydyr.
Eziz Arkadagymyz döwletimiziň Garaşsyzlygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtamak bilen ,,Garaşsyzlyk” diýen mukaddes hem-de mazmunly düşünjäniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny:
,,Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr, bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar ýaşamak baradaky iň süýji arzuw maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir’’ diýen parasatly sözler bilen beýan edýar.
Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklaryň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar.
Türkmenistanyň ähliumumy parahatçylygyny pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirlen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgiýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
Gülşat MÄTIÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ekologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.