Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Garaşsyzylygy — bagtyýar geljegimiziň buşlukçysy ✦ ✦ Syýahatçylyk pudagy - parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň baýdagy ✦ ✦ Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň sarsmaz sütüni ✦ ✦ Brend hökmany gerekmi? ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir ✦ ✦ Garaşsyzlyk daýanjymyz ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy ✦ ✦ Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi
  27.09.2024
27
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi

Eziz Diýarymyz Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny uly dabaralar bilen belleýär. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabara ýörişi başlandy.

 

Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu çärä Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýat we Aşgabat şäher häkimleri, daşary ýurt diplomatlary hem-de myhmanlar gatnaşdylar.

 

Baýramyň öň ýanynda paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli tapawutlanan işgärlere döwlet sylaglary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalary esasynda raýatlar Türkmenistanyň ordenleri, medallary we hormatly atlary bilen sylaglandylar.

 

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş göni ýaýlymda görkezildi.