Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan – ekologik meselelerde işjeň  gatnaşyjy ägirt ✦ ✦ Bitaraplygyň türkmen nusgasy: oňyn, işjeň hem çäksizdir ✦ ✦ Altyn Asyr AFK 2 Çempionlar ligasynda çykyş eder ✦ ✦ Türkmenistan Päkistanyň Gwadar portuna çykmagy meýilleşdirýär ✦ ✦ Kosmos rekordy täzelendi ✦ ✦ Lemanyň çigildemi ✦ ✦ Ýollarymyzyň abadanlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ “Ýylyň astronomiýa fotosuratçysy” bäselşiginiň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi ✦ ✦ Hindistanyň ilçisi ýurdumyzdaky ekologiki çärä gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Kosmos rekordy täzelendi
  19.09.2024
34
Kosmos rekordy täzelendi

11-nji sentýabrda Polaris Dawn missiýasynyň uçurylmagynyň ertesi güni Russiýanyň “Soýuz MS-26” kosmiki gämisi Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) täze ekipažy eltdi.
 

 

Göräýmäge hiç bir üýtgeşikligi ýok waka Ýeriň orbitasyndaky adamlaryň sany boýunça täze rekord goýmaga mümkinçilik berdi. Şondan soň 19 adam bir wagtyň özünde orbitada boldy. Öňki rekord 2023-nji ýylyň maý aýynda goýlupdy, şonda 17 adam bir wagtyň özünde orbitada bolupdy. “Soýuz MS-26”-nyň ekipažynyň düzümine rus kosmonawtlary Alekseý Owçinin we Iwan Wagner, şeýle hem amerikaly kosmonawt Donald Pettit girdi.
 

 

Olaryň HKS-a ekspedisiýasy 202 günläp dowam eder. Missiýa wagtynda olar birnäçe gezek açyk kosmosa çykar, şeýle hem kosmosda ýaşaýyş we iş şertlerini öwrenmäge gönükdirilen birnäçe ylmy synaglary geçirmegi meýilleşdirýärler.

 

Aşakdaky astronawtlar bir wagtyň özünde kosmosda boldular:

Halkara kosmos stansiýasyTürkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko (Russiýa)

Maýkl Barratt (ABŞ)

Nikolaý Çub (Russiýa)

Metýu Dominik (ABŞ)

Treýsi Kolduell Daýson (ABŞ)

Žanett Epps (ABŞ)

Aleksandr Grebenkin (Russiýa)

Alekseý Owçinin (Russiýa)

Iwan Wagner (Russiýa)

Donald Pettit (ABŞ)

 

Enejan Muhammedowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.