Garaşsyzlyk -eziz halkymyzyň başynyň täji geljeginiň çam çyragy hasaplanýar.
Garaşsyzlyk - Her bir ynsana bagt miwesini paýlaýar.
Garaşsyzlyk - halkymyzyň VIII asyrlap arzuwlap ýeten iň uly serpaýy.
Her bir milletiň we halkyň asuda we parahat durmuşda ýaşamagy döwletiň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bilen gös göni baglanyşyklydyr.
Ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolan pursatyndan başlap dünýä döwletleri bilen parahatsöýüjilikli we açyk syýasaty alyp barýar.
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylyga we asudalyga özüniň saldamly goşantlaryny goşup gelýär.
Her bir günimiz toýdyr dabaralara şatlyk şowhuna ýatdan çykmajak pursatlara beslenip geçýär. Şol toýdyr dabaralaryň iň naýbaşysy bolsa Eziz Diýarymyzyň Mukaddes Garaşsyzlyk günidir.
Häzirki günlerde, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň "Pähim -paýhas ummany Magtymguly Pyragy ” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna ähli pudak edaralarynda uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz dünýä döwletleriniň üns merkezinde bolmagy we dünýäniň birnäçe abraýly guramalarynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda halkara guramalary tarapyndan ýokary bahalara, hem mynasyp bolup gelýär.
Biziň her birimiziň baş matlabymyz Garaşsyzlygymyzy gözümiziň göreji dek gorap saklamakdan ybarat bolup. Garaşsyzlygymyzyň bize beren serpaýyndan serpaýly ýaşlaryň biri bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda bagytdan paýly raýatlar hökmünde gijämizi gündiz edip işläp, okap ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny uly sowgatlar bilen garşy alýas.
Berdiýewa Leýla,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň I ýyl talyby.