Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew Pekinde Hytaý nebit uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.
Bu çäre täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guraldy.
Talyplar bilen duşuşygynda ilçi Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň wajyplygy hem-de zehinli ýaşlary ösdürip ýetişdirmek ugrunda görülýan çäreler barada gürrüň berdi. Şeýle hem Parahat Durdyýew ýokary okuw mekdebiniň rektory bilen duşuşyp, bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hökmünde ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat berdi.
Batyrow Eziz
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.