Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Merdana halkymyzyň milli buýsanjy
  24.09.2024
183
Merdana halkymyzyň milli buýsanjy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli pudaklarda Garaşsyzlyk baýramy ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Garaşsyzlyk — bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 33 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär.

 

Häzirki wagtda oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda, şäherleriň, etraplaryň, obalaryň döwrebaplaşdyrylmagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler hem ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Şol bir wagtda uly ösüş-özgerişleri başdan geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bütin dünýäde at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygy biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar. Çünki ata Watanymyzda dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli we oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Dostluk we ynanyşmak arkaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly hem-de hemişelik bolýandygyna berk ynanýarys we şu ýörelgä pugta eýerýäris. Türkmenistana dostluk goluny uzadýan ýurtlaryň hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge döwtalap we bu ugurdaky hyzmatdaşlyklara uly gyzyklanma bildirýän halkara guramalarynyň sanynyň barha artýandygy biziň bu ýörelgämiziň Ýer ýüzünde goldanylýandygyny aňladýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.

 

Toý ruhuny, toý bezeglerini biziň welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde hem aýan-aýdyň görýäris. Eýýämden uly dabara bilen geçirilýän baýramçylyk çäreleri, maslahatlar, duşuşyklar, bäsleşikler ýurdumyzda baş baýrama irgözinden badalga berlendigini görkezýär. 27-nji sentýabrda bolsa, her ýylda bolşy ýaly, esasy dabaralar geçirilip, 33 ýyla asyrlyk işleri ýerleşdirip bilen döwletimiz täze ýaşyna girer.

 

Baýramçylyk günlerinde bu toýa alyp gelen sepgitler barada pikir öwürmek zandymyzda bar. Beýik bagtymyzyň 33-nji ýyly, gürrüňsiz, iň şowly, iň düşümli ýyllaryň biri boldy. Şanly ýylyň dowamynda welaýatymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň ençemesiniň şaýady bolduk. Şu ýylyň baharynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza Şa gadamynyň düşmegi bolsa şol wakalaryň tugy bolup, döwrümiziň hem, göwnümiziň hem belentliklerine galýar.

 

Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ajaýyp Geňeş toýuna öwrülip, ýetilen sepgitleriň we öňde duran menzilleriň özboluşly köprüsine öwrüldi. Goý, her güni toý ýaly ýakymly ajaýyp döwrümizde sakasynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz duran beýik işler mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

Şasenem Durdymyradowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutunyň talyby.