Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy
  24.09.2024
103
Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy

Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr! Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy   ýylynda zähmetsöýer halkymyz Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde dünýä dolmagynyň 33 ýyllygyny agzybirlik bilen garşylaýar. Şanly sene mynasybetli guralýan milli we halkara çärelere ykbalyň emri bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan doganlarymyzyň, wekilleriniň gatnaşmaklary, toýlarymyzy -bile toýlamaklary üçin ata Watanymyz gapylaryny giňden açýar.

 

Bu günki gün merdana halkymyz ata-babalarymyzyň arzuwlan mukaddes Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolup, özüniň Türkmenistan atly berkarar döwletini gaýtadan gurdy. Umumadamzat pelsepesiniň iň bir arzyly gymmatlygy bolan Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygydyr. Halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan halkara hukugynda umumy ykrar edilen mizemez ýörelgesine esaslanyp, türkmen halky Garaşsyz döwlet boldy. Parasatly pederlerimiziň mähiri siňen keramatly türkmen topragynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna mynasyp bolmagyna giň mümkinçilikler açyldy. Örän gysga wagtda Türkmenistan Garaşsyzlygy hemra edinip, hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine daýanyp, goňşy we alysdaky hyzmatdaş ýurtlaryna ynsanperwerlik goluny uzadýan, maddy we ruhy taýdan goldaw-hemaýat edýän arkalaşykly döwlete öwrüldi. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi.

 

Ata watanymyzda geçilen 33 ýyllyk ýol bir pursada deňdir, ýöne halkymyzyň ykbaly üçin tutuş eýýamlary ruhlandyran döwrüň bir bölegidir. Garaşsyzlyk döwründe gazanylan üstünlikler geljekde has-da belent sepgitlere ýetmek üçin esas bolar. Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, düýpgöter täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Şu geçen ýyllarda ýurdumyzda azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi, kämil döwlet dolandyryş edaralary döredildi. Döwlet, jemgyýetçilik durmuşyna demokratik ýörelgeler tapgyrma-tapgyr ornaşdyryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň ösüşi, milli ruhuna laýyk gelýän dünýä nusgalyk ýoly bilen öne ilerleýändigine , Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň has-da uly üstünliklere eýe bolýandygyna, halkara giňişligindäki abraýynyň barha beýgelýändigine aýdyñ şaýatlyk edýäris.

 

Halklaryň arasynda dostluk köprüsini gurýan , halkymyzy we dünýä jemgyýetçiligini parahat ŷaşaýyşa çagyrýan,   ýurdumyzyñ gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edyäris.

 

Soltanmämmedowa Annajemal,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky 
Döwlet gullugy Akademiýasynyň magistri.