Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Türkmenistan bilen Malaýziýanyň Gatnaşyklary - dostlukly hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri ✦ ✦ Şatlyk paýlap geldi ülkäme Täze ýyl! ✦ ✦ Täze ýylyň bellenilişi ✦ ✦ Syýasy işjeňlik ― jemgyýetiň ösüşiniň binýady ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Syýahatçylyk pudagy - parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň baýdagy
  26.09.2024
388
Syýahatçylyk pudagy - parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň baýdagy

Bu pudagy medeniýetara gepleşikleriň özeni hökmünde kabul edip bolar. Adamlar syýahat edýärler, şol sanda nätanyş ýerleri we medenýetleri öwrenýärleri. Muňa garamazdan, syýahatçylar öýden uzakda bolanda dürli saglyk howplaryna duçar bolup bilerler. Olar üçin taýyn bolmak möhümdir. Syýahaty meýilleşdirýän her bir adam, uzakda howpsuz we sagdyn bolmak maksady bilen syýahat etmezden ozal saglyga bolup biljek howplar barada maglumat ýa-da maslahat gözlemeli. Şeýlelikde her bir adatdan daşary ýagdaýlary hem göz öňüne tutmalydyr.

 

Aslynda syýahatçylyk medeniýetleri öwrenmäge, daşary ýurt dillerini eşitmäge, ekzotik tagamlary dadyp görmäge we çydamlylygy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Aslynda, aňy giňeldýän bilim we ruhy tejribe hökmünde gezelnç  ýa-da syýahatçylyk usullary giňden ýaýranydyr.

 

BMG-sy tarapyndan tassyklanan Bütindünýä syýahatçylyk güni, 2024-nji ýyly "Syýahatçylyk we parahatçylyk" mowzugy bilen baýlaşdyrdylar. Çünki,  bu pudagyň esasy maksady  halklar bilen medeniýetleriň arasynda parahatçylygy we düşünişmegi ösdürmekde  möhüm orny eýeleýändigi sebäpli meşhur hem iň girdelijisidir.

 

Syýahatçylyk haýyr-sahawat ýaýradýar we sebitleýin hyzmatdaşlyga alyp barýar. Mysal üçin, käbir Afrika ýurtlary adamlaryň erkin hereketini höweslendirmek we syýahatçylygy we söwdany ösdürmek üçin Afrika Bileleşiginiň agzalary üçin açyk wiza syýasatyny durmuşa geçirilýär.

 

Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy (UNWTO) BMG-nyň syýahatçylyk pudagynda öňdebaryjy halkara agentligi bolup lokomatif häsiýete eýe bolan pudak bolmagynda galýar.

 

Aslynda, Halkara günler we hepdeler halka alada bildirýän meseleler boýunça bilim bermek, global meseleleri çözmek üçin syýasy erk we çeşmeleri mobilizlemek, adamzadyň gazananlaryny bellemek we güýçlendirmek üçin pursatlardyr.

 

Häzirki wagtda dünýäde syýahatçylyga ýöriteleşen ýurtlar özüniň medeniýeti, gadymylygy, özboluşlylygy, tebigy taýdan arassalygy, iň täze innowasiýalary özünde jemleýän urbanizasiýalary we intelligent jemgyýetli nokatlar häli häzir hem özüniň gelim gidimini ýitirmeýär. Emma Aşgabat... bu diýseň başgaça täsinligi milliligi, döwrebaplylygy, tebigylygy, kaşaňlygy iň esasysy-da asudalygy bilen deňi taýy bolmajak dialog merkezine öwrülen mekandyr.

 

Kuwwat AŞYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň III ýyl talyby.