Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Täze ýylyň bellenilişi
  20.12.2024
45
Täze ýylyň bellenilişi

Täze ýyly dabaraly ýagdaýda garşy almak dünýä ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly uly baýramçylyklaryň biri hasaplanylýar. Bu baýramçylyk dürli däplere eýerilip geçirilýär. Dünýä halklarynyň Täze ýyly garşylamak bilen baglanyşykly däpleri bilen tanyşmak her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek.

 

Şwesiýada Täze ýyl ýagtylygyň baýramçylygy hasaplanýar. Çagalar Täze ýylyň öňýanynda ýagtylygyň korolewasy Lýuçiýanyň keşbini ýerine ýetirjek gyzy saýlaýarlar. Onuň egnine ak köýnek, kellesine bolsa ýanyp duran şemler oturdylan täji geýdirýärler.

 

Şotlandiýada Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk «Hogmani» diýlip atlandyrylýar. Köçelerde Robert Bernsiň sözlerine döredilen aýdym ýaňlanýar. Bu ýurduň ýaşaýjylary Täze ýyl gijesinde däbe görä içi garaýagly çelekleriň içine kükürt çakyp zyňýarlar we olary togalap, köçeden-köçä geçirýärler. Munuň özi köne ýylyň ýakylýandygyny  we Täze ýylyň çagyrylýandygyny aňladýar. Gijäniň ýary bolanda hemmeler gapylaryny giňden açýarlar. Sebäbi, köne ýylyň gapydan çykyp gitjekdigine, Täze ýylyň geljekdigine ynanýarlar.

 

Kubada Täze ýyla bagyşlanan çagalar baýramçylygy «Korollaryň güni» diýlip atlandyrylýar. Kubalylar çagalara sowgat getirýän jadygöý Korollary «Baltasar», «Gaspar», «Melhior» diýip atlandyrýarlar. Täze ýylyň öň ýanynda çagalar olara göwün islegini beýan edip, hat ýazýarlar. Ol adanyň ýaşaýjylarynyň ýene-de bir däbi bar: olar Täze ýylyň öň ýanynda ähli gaplary suwdan doldurýarlar. Gijäniň ýary bolanda bolsa, ýygnanan suwuň hemmesini penjireden daşary dökýärler. Kubalylar bu däbi arkaly Täze ýylyň ýolunyň açyk, suw ýaly arassa we dury bolmagyny arzuw edýärler. Olaryň ýene-de bir däbine görä, sagadyň jaňy 12 gezek ýaňlanýança, 12 gezek üzüm iýmişini iýip ýetişmeli. Munuň özi Täze ýylyň 12 aýynyň hem agzybirlik, parahatçylyk, saglyk, abadançylyk bilen geçjekdigine ynam bildiriländigini aňladýar.

 

Finlandiýada Roždestwo esasy gyş baýramçylgy hasaplanýar we 25-nji dekabrda bellenilýär. Uzak ýoly geçip gelýän Aýaz baba her bir öýe barýar we körpeler üçin dürli sowgatlardan doly sebedi galdyrýar. Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan dabara hem edil Roždestwo ýaly geçirilýär. Tutuş maşgala ýene-de dürli-dümen tagamlardan doly stoluň başyna üýşýär.

 

Wengriýada Täze ýylyň ilkinji sagatlarynda hemmeler sykylyk çalýarlar. Olaryň ynanjyna görä, köpçülikleýin sykylyklar öýlerden jyn-arwahlary kowýar we şatlyk, bagt, abadançylyk getirýär.

 

Kemal DÖWLETÝAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.