Her bir öýe şatlyk nuruny paýlaýan we çagajyklaryň ýüzünde ýylgyryşlary döredýän hem-de uly ýaşly adamlaryň arzyly baýramçylyklaryň biride Täze ýyl baýramçylygydyr.
Täze ýyl mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda hem Arkadag şäherinde Täze ýyl arçalary bezeldi we yşyklary ýakyldy. Şu baýramçylyk mynasybetli Aýazbabadyr Garpamyk hem-de ertekileriň gahrymanlary Diýarymyzyň giňişligindäki taryhy ýadygärliklerine seýran etdiler, medeni merkezlere, bilim-terbiýaçilik edaralaryna önümçilik desgalaryna baryp gördüler."Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda täze açylyp ulanylmaga berilýän desgalaryň sany barmak büküp sanardan köp bolup, bu her bir raýatlarymyz üçin Täze ýyl sowgady hökmünde ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşýar.Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk Täze ýyl sowgatlaryny körpeje nesillere sowgatlaryny paýlaýmak bilen ýurdumyza bagt getirjek Täze ýyl pursatlaryna janly şaýatlar hökmünde gatnaşýarlar.Şeýle-de, şadyýan baýramçylygyň ajaýyp pursatlaryny ýurdumyzyň sungat ussatlary täze taryhy döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp edýän şirinden-şirin aýdymlaryny ýerine ýetirýärler.
"Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy"ýylynda gazanylan üstünlikler we egsilmez eşretleri peşgeş berýän hormatly Prezidentimize Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzy aýdýarys. Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli külli türkmen halkymyzy Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Goý, Täze ýylda Watanymyzyň ösüşi mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!.
Gülnar BAÝRAMBERDIÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.