Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň sarsmaz sütüni
  26.09.2024
279
Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň sarsmaz sütüni

Garaşsyzlyk — türkmeniň gazanan, ýeten iň uly sepgidi, üstünligi. Şol şol üstünlik 33 ýyldan bäri her bir türkmeniň kalbyna, ýoluna, ykbalyna nur çaýyp gelýär. Bu ýyllaryň içinde  türkmen milleti ata-babalaryndan geçen kämil paýhasy, milli edim-gylymlary bilen şöhratlandy. Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan türkmen halky bu şöhratly baýramy uly joşgun we dabara bilen toýlamaga taýýarlyk görýär.

 

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk diýmek öz geçmişiňe, öz taryhyňa, öz milletlik derejäňe düşünmekdir we bulary hemmelere düşündirmegi başarmakdyr. Garaşsyzlyk diýmek öz ruhy-medeni, aň-bilim, parasat güýjüňi toplamakdyr we bu beýik güýji ýaşatmakdyr, ösdürmekdir, ony nesilleriň erkana durmuşynyň hatyrasyna öňe alyp gitmekdir. Şu jähetden, Garaşsyzlyk jemgyýetiň bitewüliginde, asudalygynda, durmuş-ykdysady ugurlaryň ulgamlaýyn ösüşinde aýdyň ýüze çykýar.

 

Ýurdumyzyň, halkymyzyň Garaşsyzlyga esaslanýan durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk, ruhy-ahlak maksatlary konstitusion binýatda ösüşlere beslenýän milli hukuk ulgamynyň mazmunynda, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda öz beýanyny tapýar. Bu resminamalar Garaşsyzlygyň miweleriniň özboluşly, tapawutly taraplaryna, düýp mazmunyna, taryhy ähmiýetine we durmuş gymmatlygyna çuň düşünmek üçin ýol görkeziji çelgi bolup durýar.

 

Şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede baýram edilýär. Halkyň asuda, bagtly durmuşyny arzuwlan beýik şahyryň pähim-parasatdan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlary diňe bir türkmen halky üçin däl, bütin adamzat üçin hem mynasyp ýol-ýörelge boldy. Şahyr agzybirlik, birleşmek, milli döwlet gurmak baradaky pikirlerini amala aşyrmaga girişende, taýpadaşlarynyň arasynda agzybirligi döredip bolsa, özgelere-de görelde bolar, agzybirligiň beren netijeleri beýleki türkmen taýpalaryny hem bu işe — milli döwlet gurmak işine çekmäge ýardam berer diýen pikirden ugur alypdyr. Şahyryň türkmen taýpalaryny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak baradaky ajaýyp pikirleri onuň «Türkmeniň» we «Türkmen binasy» atly goşgularynda has belent derejä çykýar. Akyldaryň beýik arzuwlarynyň hasyl bolşuny biz bu gün öz Garaşsyz ýurdumyzyň mysalynda görýäris.

 

Welkakaýewa Gunça,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.