Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň Garaşsyzlygy agzybirligiň, bitewiligiň nyşany ✦ ✦ Paýtagdymyzda Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň ilçisi Hytaýda okaýan türkmen talyplary bilen dușuşyk geçirdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Tejen etrabynda woleýbol ýaryşy geçirildi ✦ ✦ Çeper eser okamagyň peýdasy ✦ ✦ Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy Türkmenistana geldi ✦ ✦ Oleg Kononenko ýere dolanmaga taýynlanýar ✦ ✦ Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerine bagyşlanan halkara maslahaty we sergisi geçiriler (ITTC 2024) ✦ ✦ Tejen etrabynda “Ak kerwen” dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /“Hi-tech Startup Türkmenistan 2024” bäsleşiginiň jemleri jemlendi
  13.09.2024
76
“Hi-tech Startup Türkmenistan 2024” bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylym we tehnologiýa parkynda ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary ýurduň ykdysadyýetine çekmek boýunça halkara konferensiýanyň we serginiň çäginde geçirilen “Hi-tech Startup Türkmenistan 2024” bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

“StartUp Hi-Tech Türkmenistan’ bäsleşigi Türkmenistanda ýaş telekeçileri we innowasion taslamalary goldamak hem-de ösdürmek maksady bilen geçirildi. Jemi 12 gatnaşyjydan 3-si ýeňiji diýlip yglan edildi.

 

Birinji orny «Unite» taslamasyna, ikinji orny «Allsounds» taslamasyna, üçünji orny bolsa «Biar delivery» taslamasynyň toparyna berildi.

 

Allsounds we Soulin taslamalary Aşgabat başlangyç akademiýasynyň inkubasiýa maksatnamasyna gatnaşmak üçin höweslendiriji talonlary aldy we DormWave topary mugt okuw geçmäge mümkinçilik aldy.

 

Skolkowo gaznasynyň wekili Aleksandr Okunew bäsleşige gatnaşyjylary gutlady we taslamalaryny gutarmak barada peýdaly maslahatlar berip, Moskwa innowasiýa merkeziniň çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

 

Kuwwat BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.