Türkmenistanda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynda täze okuw maksatnamalary we usullary ornaşdyrylýar. ÝUNESKO-nyň Bilimiň klassifikasiýasynyň halkara standartlaryna esaslanýan bu özgertmeler, çagalaryň mekdebe taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga, olara daşary ýurt dillerini öwretmäge, milli ruhda terbiýe bermäge, we bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, çagalaryň irki ösüşini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär.
Irki ýaşdan başlap çaganyň zehinini ýüze çykarmakda we ösdürmekde, beden we ruhy taýdan sagdyn ösüp, kemala gelmeklerinde körpeleriň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr. Muňa mysal edip körpeleriň beden we ruhy taýdan ösüşini sazlamak üçin «Körpe türgenler», «Berekella pälwanlar» atly sport ýaryşlary, «Şadyýan estafeta», «Altyn aşygym alçy gop!» atly sport oýunlary; çagalarda aýdym-saz, teatr sungatymyza we milli medeniýetimize söýgüni terbiýelemek üçin «Garaşsyzlygymyzyň saýrak bilbilleri», «Nowruz nagmalary», «Körpe wäşiler», «Täze ýyl şüweleňi» ýaly bäsleşikler, çagalaryň okamak, öwrenmek höwesini artdyrmak, zehinini ösdürmek üçin «Körpe bilgirjeler», «Bir bar eken, bir ýok eken» ýaly bäsleşikler, çagalarda daşary ýurt dillerini öwrenmek, dil baýlyklaryny, ýatkeşligini ösdürmek üçin «Dil bilen dünýäni gezer»; çagalaryň surat çekmek, ýelimlemek, gurnamak arkaly el hünärini ösdürmek üçin «Başarjaň eller» atly bäsleşikleri okuw ýylynyň dowamynda yzygiderli geçirilýär.
Çagalar baglarynda ýörite taýýarlanylan testleriň we soragnamalaryň kömegi bilen her okuw ýylynyň ahyrynda uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň çagalaryň mekdebe taýýarlyk derejelerini öwrenilip, çagalara häsiýetnama ýazylyp, çaganyň birinji synpa barjak mekdebine bermek üçin ata-enelere gowşurmak işleri ýola goýuldy. Çünki bu günki çagalar bagynyň körpesi – ertirki mekdep okuwçysydyr, geljekki talyplardyr, Watanymyzyň gülläp ösmegine goşandyny goşjak hünärmenlerdir.
Gülälek Kesäýewa,
Aşgabat şäherindäki 142-nji
çagalar bakja-bagynyň müdiri