Kaliforniýanyň Sierra Newada daglarynda “ garpyz gar” diýlip atlandyrylýan hadysany synlap bilersiňiz.Bu gar gülgüne reňkde bolup garpyzyň ysyny we tagamyny berýär.Bu täsinlik garda özünde astaksantin pigmenti bolan bir öýjükli hlamidomanada suwotylaryny saklaýanlygy bilen düşündirilýär.
Mikroskopiki suwotularyň köpelmegi garyň adaty bolmadyk gyzyl ýa-da gülgüne reňkine sebäp bolýar.Bu suwoty pes temperaturada suwuň, garyň we buzuň üstünde ösmage ukyplydyr. Hlamidomanas nivalis gyşyň iň garaňky we sowuk döwründen soň, suw biraz gyzanda gülleýär.Ilki başda onuň reşki ýaşyl bolup soň gyzyl gülgüne reňke öwrülýär.
Gar suwotularyna güllemek üçin 0̊ C temperatura hem ýeterlikdir.Käbir gar gurçuklary bu suwotularyny iýmit hökmünde hem peýdalanýarlar Garyň her santimetrinde suwotynyň gyzyl bedenjiklerini görmek bolar.Garpyz garlarynyň ägirt uly giňligi adatça ýazyň ahyrynda ýüze çykýar.Ýerli ýaşaýjylar garpyz garlaryny onuň garpyz doňdurmasyna meňzeýänligi üçin iýýärler.
Aýşat ALLABERDIÝEWA,
Türkmen Oba hojalyk institutynyň talyby.