Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynyň habar berşi ýaly, 27-nji sentýabrda Amerikanyň birleşen ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde «C5+1» formatyndaky duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş edip, ol öz çykyşynda bu formatyň, şeýle-de ykdysadyýet, howpsuzlyk, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işiň netijelili barada belläp geçdi.
Türkmen tarapynyň ýokarda agzalan we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatyndaky garaýyşlary-da mälim edildi.
Köptaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň arasynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň strategiki ähmiýetli meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.
Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen-amerikan gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryna garaldy. Hususan-da, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Duşuşykda bilim, ylym we ynsanperwer ugurlaryndaky oňyn tejribä, energetika meselelerine üns çekildi. Şeýle-de wekiliýetler tarapyndan ABŞ-nyň hökümetiniň akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň çäklerindäki köpýyllyk iş we ýardam barada hem durlup geçildi.
Ogulaý ABAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.