Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çekdi ✦ ✦ Sanly ulgamyň öňegidişlikleri ✦ ✦ 2025-nji ýylda Zagrebde göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler ✦ ✦ Kitap halklary ruhy taýdan birleşdirýän köpri ✦ ✦ Magtymgulynyň eserleri dostlukly yurtlaryň edebiýatynda ✦ ✦ Türkmen edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Sungat ojagymyzda - Türkmen Alabaýy ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymgulynyň eserleri dostlukly yurtlaryň edebiýatynda
  17.10.2024
27
Magtymgulynyň eserleri dostlukly yurtlaryň edebiýatynda

Magtymgulynyň ady, onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňraky ýyllarda, aýratynam Garaşsyzlyk döwründe, hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki umumy döwlet syýasaty bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde daglardan eşidilýän ýaň ýaly bolup, häli-şindi ýaňlanyp, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň we bu owazyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň–türkmeniň at-owazasyny, abraýyny belende galdyrandygy bilen häsiýetlendi. Dogrusyny dogry aýtmaly, batyrlygyň, adamkärçiligiň, azatlygyň, zähmetsöýerligiň, halallygyň, watançylygyň, parasatlylygyň, kiçigöwünliligiň, kanagatlylygyň, oňşuklylygyň, myhmansöýerligiň, umytlylygyň, ýoldaşlylygyň we adama mahsus gaýry bir topar oňat häsiýetleriň hemmesini özünde jemleýän türkmeniň hakyky bitewi keşbi häli-häzirlerem Magtymgulynyň döredijiligindäki ýaly derejede doly we hertaraply, çeper we çuňňur, ähli döwürleriň durmuş hakykatyna laýyk gelýän röwüşlerde şekillendirilen däldir.

 

2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenmegi beýik şahyra beýik sarpa goýulýandygynyň ýene‑de bir aýdyň mysaly bolup durýar.

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda  dowam edýän 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň 300 ýyllyk toýunyň uludan dabaralandyrylmagy bolsa akyldaryň döredijiliginiň ýene bir gezek beýgelendiginiň mysaly.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly atamyzyn jöwher paýhasyndan dörän eserleri dürli ýygyndylarda jemlenýar we terjime edilýär. Ýeke mysal, ýaňy- ýakynda Beýik söz ussadynyň goşgular ýygyndysynyň özbek we gyrgyz dillerine terjime edilmegi hem dostlukly halklaryň türkmen halkyna beren ajaýyp  sowgady boldy. Mundan başga-da, türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde şahyryň goşgulary gyrgyz diline terjime edildi we «Magtymguly: Saýlananlar» ady bilen neşir edildi. Ýygyndy şahyryň 66 eserini öz içine aldy.

 

Täze neşiriň kömegi bilen gyrgyz dilli okyjylar Magtymgulynyň döredijiligi bilen öz ene dilinde tanşyp bilerler, munuň özi XVIII asyryň görnükli şahyrynyň şygryýetine has gowy düşünmäge we baha bermäge mümkinçilik berer.

 

«Magtymguly: Saýlananlar» atly täze neşiriň çapdan çykmagy bu dostlukly ýurduň edebi durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Kitabyň Gyrgyzystanyň ähli şygryýeti we medeniýeti söýüjileriniň kitaphanasynda öz mynasyp ornuny aljakdygy şübhesizdir.

 

Gülçemen PARAHADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.