Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çekdi ✦ ✦ Sanly ulgamyň öňegidişlikleri ✦ ✦ 2025-nji ýylda Zagrebde göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler ✦ ✦ Kitap halklary ruhy taýdan birleşdirýän köpri ✦ ✦ Magtymgulynyň eserleri dostlukly yurtlaryň edebiýatynda ✦ ✦ Türkmen edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Sungat ojagymyzda - Türkmen Alabaýy ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Sungat ojagymyzda - Türkmen Alabaýy
  17.10.2024
30
Sungat ojagymyzda - Türkmen Alabaýy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sungatyň halkymyzyň möhüm ruhy serişdesi hökmünde öňe sürülýäniniň aýdyň beýanydyr.​​​​Gadymy medeniýetleri dikeltmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriň dürli-dürligini gorap saklamak biziň döwrümiziň örän möhüm wezipeleri bolup durýar diýip aýtmak bilen döwrümiziň waspy jaýdar beýan edilýär. Sungatymyzy ösdürmekde we dünýä halklarynyň sungatlaryny hem öwrenip täze usullary ýüze çykarmak maksady bilen döwletimizde uly işler alnyp barylýar.​

 

Şu günler sungat ojagymyz hasaplanylýan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Türkmen alabaýy” atly bäsleşik sergisi şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça alnyp baryldy. Muňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn we amaly-haşam sungaty kafedralarynyň talyplary gatnaşmaklary bilen täze döwrebap usullarda, açyk, owadan reňkler bilen ownuk we uly göwrümli eserleri bilen gatnaşdylar. Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy – türkmen alabaýy wasp etmekleri bilen iň gadymy tohumlaryny hem görkezmek isläpdirler. Daşky görnüşiniň gadymy ata-babalarymyzyň döwründäkisinden üýtgemän, asyl görnüşinde şu güne çenli saklanyp galmagy türkmen alabaýynyň tohumynyň özboluşlylygynyň şertidir. Türkmen alabaýlaryň waspyny ýetirýän Hormatly Arkadagymyz hem öz ýazan “Türkmen alabaýy” atly kitabynda alabaýyň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berilýär. 

 

Bu sergä gatnaşan talyplar Kurbandurdyýew Rozybaý “Türkmeniň wepaly alabaýy”, Annagulyýewa Jennet “Kim birinji” ýaly birnäçe nakgaş eserini, Babaýewa Şemşat “Çagalyk dostum” atly grafika, Nepesow Ýakup bilen Ylýasowa Oguljemal “Türkmen alabaýy” atly eserini agaç çig malyndan, Hommadowa Oraznabat “Wepaly dostum” işini reňkli kagyzlardan, Akmyradowa Tylla “Alabaý” atly 3-D görnüşli şekili, Nurlyýewa Amangül “Alabaý”, Berdiýew Serýrangeldi “Alabaý” atly geýim toplumlaryny, Şöhratgeldiýewa Güljan “Goragçy” gipsden ýasalan, Jumaýew Serdar “Türkmen alabaýy” eseri gipsden ýasalyp, reňklenen, Bekmyradow Bekmyrat “Miras” atly eserini polesterden, Bakyýewa Bahar “Wepalylygyň dowamaty” eserini toýun we syrçadan, Öwlýagulyýew Röwşen we munuň bilen birlikde Meredow Ýunus, Döwranowa Merjen, Jumanyýazow Ahmet dagylar“Goňurja alabaý” atly zergärçilik eserini latun, malahit ýaly çig mallardan, Nepesowa Gülälek “Milli miras” atly haly eserini ýerine ýetirmekleri bilen özboluşly tohum itleriň keşbini üýtgeşik şekillendirýärler.  
 

Talyplar öz eserlerinde eýesine wepaly, garadan gaýtmaz, duýgur, syzyjy, akylly, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawly türkmen alabaý itlerini dürli usullarda şekillendirmekligi başarypdyrlar. Hojaýynyň sesini eşideninden onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Türkmenistanda alabaýlaryň iň gowularyny, olaryň gylyk häsiýetlerini kesgitlemek boýunça däbe öwrülen bäsleşiklere hem-de baýramçylyk sergileri yzygiderli geçirilýär. Alabaý edil ahalteke atlary hem-de türkmen el halylary ýaly Türkmenistanyň milli baýlygy hasaplanylýar. 

 

Bahar MAGTYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy