Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti geçirildi ✦ ✦ Magtymguly Pyragy Türkmen we Ermeni medeniýetleriniň arasyndaky köpri ✦ ✦ Döwrebap tehnologiýalar Ýurdumyzdaky özgertmeleriň täze ädimi ✦ ✦ Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçirildi ✦ ✦ Täsin tebigat hakda ✦ ✦ Paýtagtymyzda lukmançylyk merkezleri açyldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ýaşasyn baky Parahatçylyk!
  11.10.2024
82
Ýaşasyn baky Parahatçylyk!

Bu günki günde Garaşsyz, Baky Bitarap  Watanymyzyň at-abraýy halkara arenasynda gün-günden artýar we dost doganlyk, parahatsöýjülik gatnaşyklary has-da ýygjamlaşýar. Şu aýdylanlara mysal hökmünde geljek ýylyň  BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilmegi,  munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň  aýdyň subutnamasydyr.

 

Geljek ýylyň meýilnamasynda Bitaraplyk syýasaty, parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy berkitmek, dialog medeniýetini ösdürmek, howanyň üýtgemegi we ekologiýa meselelerine bagyşlanylan dürli dabaralar, çäreler we işler öz beýanyny tapýar. Şeýle-de 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetilen sepgitleriň netijeleri we dünýä syýasatynyň geljegi bilen bagly meselelere bagyşlanylan halkara forumy, parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara parlament dialogyny, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli duşuşygyny, dialogy,  2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek Ženewa parahatçylyk hepdeliginiň çäklerinde "2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli halkara çäreleri, 2025-nji ýylyň dowamynda BMG-niň Wena şäherinde ýerleşýän Halkara merkezinde dostluk dabarasyny geçirmeklik geljekki ýylymyzyň esasy wakalaryndan wajyp orny eýeleýär

 

Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.