11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we sivilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy: parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Bu ýokary derejeli çärä birnäçe ýurduň döwlet Baştutanlary gatnaşyp, forum dünýä metbugatynyň ünsüni çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Iri halkara habarlar agentlikleri, şol sanda Russiýanyň TASS we Türkiýäniň Anadolu Ajansi forumyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmek, döwletleriň arasyndaky medeni dialogy ösdürmek boýunça maksadyny aýratyn nygtadylar. Çärä gatnaşyjylar akyldaryň döredijiliginiň ýurtlar arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde ähmiýetini bellediler.
Wakanyň ýeri barada maglumat berýän maglumatlar täze tehnologiýalar arkaly birnäçe daşary ýurt teleýaýlymlarynda göni görkezildi. Forumyň netijeleri boýunça Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen Jemleýji resminama kabul edildi.
Şeýlelikde, bu halkara forum Türkmenistanyň taryhyna täze bir sahypa goşup, ösüş we abadançylyk üçin ägirt uly ädimdir.
Gytja ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.