Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti geçirildi ✦ ✦ Magtymguly Pyragy Türkmen we Ermeni medeniýetleriniň arasyndaky köpri ✦ ✦ Döwrebap tehnologiýalar Ýurdumyzdaky özgertmeleriň täze ädimi ✦ ✦ Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçirildi ✦ ✦ Täsin tebigat hakda ✦ ✦ Paýtagtymyzda lukmançylyk merkezleri açyldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /BMG – Türkmenistan hyzmatdaşlygy pugtalanýar
  09.10.2024
87
BMG – Türkmenistan hyzmatdaşlygy pugtalanýar

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine 1992-nji ýylyň mart aýynyň 2-ne täze Garaşsyz döwlet hökmünde girdi. Şondan bäri BMG Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) jogapkär bolup duran milli ileri tutulýan ugurlara ýetmek üçin Türkmenistana goldaw berýär. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Hökümetiň ösüş babatyndaky üç sany strategik ugrunda ileri tutýan ägirt uly tagallalary boýunça BMG-niň strategiki hereketlerini kesgitlemek we ol ugurda ylalaşyga gelmek üçin Hökümet bilen maslahatlaşyp BMG-niň ýurt boýunça toparyna ýolbaşçylyk edýär: adamlaryň gyzyklanmalaryna gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy; inklýuziw, ýaşyl we durnukly ykdysady ösüş; BMG-niň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň täze çarçuwaly Maksatnamasynda kesgitlenen ýokary hilli, inklýuziw we elýeter saglyk, bilim we durmuş goragy. BMG-niň agentlikleri öz alyp barýan işlerini bilelikdäki döredilen Netijeler boýunça toparlarynyň çäginde bilelikdäki iş meýilnamalar arkaly utgaşdyrýarlar.

 

1992-nji ýylda BMG-de Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy açyldy. Wekilhana öz işini BMG-niň düzümine girýän köp sanly edaralaryň, guramalaryň, agentlikleriň işleri bilen tanyşmakdan, olaryň Türkmenistanyň bähbitleri üçin nähili iş edip biljekdiklerini seljermekden başlady. Wekilhananyň işinde agzalan guramalara, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatlaryna gatnaşyjylara Türkmenistan barada degerli maglumatlary ýetirip durmaga uly ähmiýet berilýär. BMG-niň guramalarynyň arasynda Ösüş maksatnamasyna aýratyn orun degişlidir. Çünki ol milletleriň halkara bileleşiginiň ulgamynda tehniki hyzmatdaşlygy ugrukdyrýan esasy edaradyr.
 

Eýýäm Türkmenistanyň BMG-ä giren ilkinji ýylynda, Ösüş maksatnamasy bu döwlete degişli kömekleri yzygiderli berip durmak baradaky meselä garady we onuň oňyn çözgüdini resmileşdirdi. Munuň özi Türkmenistana BMG-niň ulgamyndaky Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Ilat gaznasy (ÝUNFPA), Daşky gurşaw maksatnamasy (ÝUNEP), Bilim, ylym, medeniýet işleri baradaky (ÝUNESKO) we beýleki guramalaryň ugurlaryna degişli mümkin bolan tehniki hyzmatdaşlyga ýol açdy.

 

Belläp geçsek, ozal Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisleriniň hem wise-başlyklygyna saýlanypdy.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bu dünýä ähmiýetli gurama bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi has-da giňeýär. Muňa  Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan Türkmenistana gelip gowuşan hoş habar hem aýdyň mysal bolup biler. 6-njy iýunda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlandy.

 

Laçyn MÄTJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby