logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /“Hünärim bar hormatym bar” atly aýdym-sazly dabaraly sergi geçirildi
  10.12.2023
855
“Hünärim bar hormatym bar” atly aýdym-sazly dabaraly sergi geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de Tejen etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde tassyklan iş meýilnamasy esasynda “Hünärim bar hormatym bar” atly aýdym-sazly dabaraly sergi gurnaldy.

 

 

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň dürli görnüşlerine, halyçylyk, zergärçilik, keşdeçilik sungatyna hormat goýmak, olaryň inçe syrlaryny öwretmek, türkmen zenanyna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri ýaş nesillerde terbiýelemek maksady bilen gurnalan sergide medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary  bu ýere gelenlerde özboluşly lezzet paýlady.

 

 

Dabaraly sergide alajalaryň dürli görnüşleri, milli keşdeçilik, halyçylyk sungatyna degişli işler hem-de şol işlerde alajalaryň ýerleşdirilişi giňden beýan edildi. Serginiň dowamynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadygymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

 

Maral Akyýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň
esasy hünärmeni, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.