14–16-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmentel-2024” atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. Bu çäre, telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradio enjamlary boýunça sebitde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar bilen bagly pikir alyşmak we tejribe bölüşmek üçin amatly meýdança döredýär.
Halkara forumda Türkmenistandan we daşary ýurtlardan alymlar, bilermenler hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşar.
Forumyň esasy maksady sanly ösüşde gazanylanlary görkezmek, öňde goýlan maksatlary maslahatlaşmak, telekommunikasiýalaryň, hemra tehnologiýalaryň we kiberhowpsuzlygyň geljegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdyr.
Şeýle hem, çäräniň çäklerinde “Sanly çözgüt-2024” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler.
Gurbanbibi YLÝASOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.