logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Tejen etrabynda ýylyň ady mynasybetli dabara geçirildi
  23.01.2024
604
Tejen etrabynda ýylyň ady mynasybetli dabara geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gün saýyn ösýän özgerýän, gülleýän ajaýyp zamanamyzda, berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe şu gün Ahal  welaýatynyň  Tejen etrabynyň Tejen şäher Medeniýet öýünde  Garaşsyz hemişelik  Bitarap ýurdumyzda  buýsanjymyzdan, aýdyň hem  parahatçylyk  söýüji maksatnamalarymyzdan ugur alyp täze  2024-nji ýyla  “Pähim-paýhas ummany  Magtymguly Pyragy” diýip yglan edilmegi mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy şatlyk-şowhun bilen  geçirildi. Beýik  akyldarymyz  Magtymguly Pyragynyň doglan  gününiň 300 ýyllygynyň şunuň ýaly belent derejede  tutulmagy hormatly Arkadagymyzyň beýik  akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanşyklydyr.

 

 

2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzyň belent sepgitlerini, paýhasly pederlerimiziň döreden  asylly ýörelgelerini halkymyzyň  arasynda wagyz-nesihat etmekde Magtymguly Pyragynyň  medeni mirasyny ýörelge edineris.Dabaranyň  ahyrynda çykyş edenler we oňa gatnaşanlar  Garaşsyz hemişelik baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň belende galmagyny , Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,ömürleri uzak ,il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

 

Bägül  Gurbanowa,
Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň
Ahal  welaýatynyň  Tejen  etrap birleşmesiniň  esasy  hünärmeni.