logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Sport /Tejen etrabynda futbol ýaryşy geçirildi
  06.12.2023
834
Tejen etrabynda futbol ýaryşy geçirildi

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekde alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, ýaşlaryň halka, Watana, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak, sporty halkyň arasynda ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde gurnamagynda Tejen şäherindäki täze sport mekdebiniň futbol meýdançasynda sportyň  futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

 

 

Ýaryşa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş oglanlardan hem-de orta mekdeplerde bilim alýan ýokary synp mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryşda toparlaryň arasynda bije atylyp , her toparyň arasynda oýun aýlaw görnüşinde geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda Tejen etrap we şäher sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan bellenen emin agzalar tarapyndan ýeňijiler yglan edildi. Ýaryşda etrabyň 11-nji orta mekdebiniň topary 1-nji orna, Tejen şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň topary 2-nji orna, Tejen Karbamit zawodynyň topary 3-nji orna mynasyp boldular.

 

 

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara ýaryşy gurnaýjylar tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

           

 

Maral  Akyýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni.