Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /VII Türki dünýäsi Bilim we medeniýet festiwalyna ýüz tutmalar dowam edýär
  19.10.2024
140
VII Türki dünýäsi Bilim we medeniýet festiwalyna ýüz tutmalar dowam edýär

Türki dünýäsinde däbe öwrülen Bilim we medeniýet festiwaly şu ýyl 7-nji gezek geçirilýär. Türki dünýäsi çagalar gaznasy tarapyndan gurnalan festiwalda ýaş oýlap tapyjylar öz taslamalaryny görkezerler.

 

Türki dünýäsiniň çagalaryny birleşdirýän adaty Bilim we medeniýet festiwaly şu ýyl  2024-nji ýylyň 20 – 22-nji noýabry aralygynda Türkiýäniň Samsun welaýatynda geçiriler.

 

Türki dünýäsi çagalar gaznasy tarapyndan 7-nji gezek geçiriljek bu festiwalda türki döwletler bilen bir hatarda, jemi ýigrimiden gowrak ýurtdan gatnaşyjylaryň taslamalarynyň sergisi gurnalar. Bu barada turkavaz.com internet neşirine Samsun welaýatynyň häkimi hem-de Türki dünýäsi çagalar gaznasynyň başlygy Güngör Azim Tuna beýanat berdi.

 

Bilim we medeniýet festiwalynda Türki dünýäsiniň we Türkiýäniň dürli ýerlerinden gatnaşjak müňlerçe okuwçylaryň taslamalarynyň bäsleşjekdigini mälim eden Azim Tuna, ýeňiş gazanan taslamalar üçin jemi 300 müň TL pul sowgadynyň beriljekdigini aýtdy.

 

Azim Tuna, festiwala gatnaşýan okuwçylaryň oýlap tapyşlarynyň we dizaýnlarynyň dürli kategoriýalarda bäsleşjekdigini nygtamak bilen: “Bu, esasan orta mekdep okuwçylarymyz üçin niýetlenilen bäsleşikdir.Çagalarymyz bu bäsleşige onlaýn ýagdaýda muzdsuz gatnaşyp bilerler. Finala, ýagny bäsleşigiň jemleýji tapgyryna galan ýüz taslamanyň awtory bolan okuwçylary mugallymlary bilen bir hepde Türkiýede myhman alarys. Olaryň ýol we myhmanhana çykdajylaryny öz hasabymyza amala aşyrarys we sag-aman ýurtlaryna ibereris” - diýdi.


Azim Tuna sözüni dowam etdirip, Bilim we medeniýet festiwaly üçin hasaba alnyşygyň başlandygyny aýtdy.Festiwala gatnaşmak isleýän okuwçylar 2024-nji ýylyň 20-nji oktýabryna çenli taslamalaryny tabşyrmalydygyny ýatlatdy. Taýýar taslamalary ýa-dahäzirki wagtda üstünde işläp oturan taslamalary bolan okuwçylar taslamalaryny mugallymlary bilen maslahatlaşyp, www.tdbo.org web sahypasy arkalybäsleşige iberip biljekdigine ünsi çekdi. Azim Tuna bäsleşige gatnaşjak okuwçylara üstünlik arzuw etdi.

 

Şeýle hem, Azim Tuna Bilim we medeniýet festiwallarynyň öňümizdäki ýyllarda-da dowam etjekdigini mälim etmeklik bilen: “Türki dünýäsiçagalar gaznasy tarapyndan gurnalýan festiwallarymyz Türkiýanyň içinde ýa-da türk dünýäsiniň beýleki ýurtlarynyň birinde geçirilip bilner.” – diýip belledi. 

Habar maglumaty Türkiýeli žurnalist Joşkun Taga

Surata düşüren: Türkiýeli žurnalist Nazira Baýmyradowa