Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Erasmus+ maglumat güni geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanly agyr atletikaçy Aziýa çempiony boldy ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze suw arassalaýjy desgalar açyldy ✦ ✦ Telemedisina sanly tehnologiýa arkaly hyzmat bermek ✦ ✦ Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar ✦ ✦ Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikeri - tebigatyň şypaly hazynasy ✦ ✦ Günde näçe ädim saglyk üçin peýdaly ✦ ✦ Hajy Bekdaş Weli — şahyrlar piri ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň III oýny geçirildi ✦ ✦ Zehin bäsleşigi geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Zähmet, bereket we ösüş baýramy
  01.11.2024
226
Zähmet, bereket we ösüş baýramy

Şu ýyl 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbe güni Türkmenistanyň oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň, agronomlaryň we ähli oba hojalyk zähmetkeşleriniň gazanan üstünliklerine bagyşlanyp, hasyl baýramy geçiriler. Bu baýramçylyk möwsümiň jemini almak, ekerançylyk we pagta ýygymy işleriniň tamamlanandygyny bellemek maksady bilen uly ruhubelentlik bilen guralar.

 

Däp bolşy ýaly, baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda oba hojalyk işgärleriniň gazanan üstünliklerini görkezýän sergiler gurnalar. Bu sergilerde ýerli daýhanlaryň we oba hojalyk işgärleriniň şu ýyl alyp baran işleri giňden görkezilip, olaryň oba hojalygynyň ösdürilmegine goşan goşantlary beýan ediler.

 

Hasyl baýramynyň esasy bölegi, elbetde, “ak altyn” hasylyny, ýagny pagta ýygymynyň tamamlanyp, şertnamalaýyn borçlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi baradaky baýramçylyk hasabatlaryny öz içine alar. Bu ýyl Ahal, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň öňdebaryjy pagtaçylary, şeýle-de birnäçe etrabyň daýhanlary uly zähmet bilen pagta ýygnap, Watanymyzyň ykdysadyýetine mynasyp goşant goşdular.

 

Türkmenistan üçin möhüm bolan hasyl baýramy diňe bir oba hojalyk möwsüminiň tamamlanmagy däl, eýsem, türkmen halkynyň agzybirligini, zähmete bolan söýgüsini, oba hojalygynyň ösüşiniň halk üçin ähmiýetini alamatlandyrýar. Bu baýramçylyk diňe bir geçen möwsümiň gazananlaryny belläp geçmek däl, eýsem, geljekde türkmen oba hojalygynyň täze üstünliklere eýe bolmagyna ruhlandyrýan uly wakadyr. Hasyl baýramy her ýyl oba hojalygynda durnukly ösüşi we halal zähmeti sylaglamak maksady bilen geçirilip, halkyň agzybirligini pugtalandyrýar.
 

Dilobar Rozmetowa
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.