logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Medeniýet /“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre
  17.04.2025
3644
“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Arkadag şäheriniň Oba hojalyk müdirliginde Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň başlangyjy bilen “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler.

 

Bu çäräniň esasy maksady — ekologiýa medeniýetini ösdürmek we jemgyýetde daşky gurşawy goramak baradaky düşünjäni ýokarlandyrmakdyr. Çäräniň dowamynda haýwanat dünýäsiniň gäpleriniň sergisi, ekologik çykyşlar we sorag-jogap bäsleşigi geçiriler hem-de çärä işjeň gatnaşyp, bijeli soraglara dogry jogap berenlere sowgatlar berler.

 

Şeýle hem nygtap geçmeli zatlaryň biri — Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy 2025-nji ýylda döredilip, ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, daşky gurşawy goramak, jemgyýetiň bu ugurdaky habarlylyk derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýaş nesliň arasynda ekologik jogapkärçilikli garaýyşlary kemala getirmek ýaly möhüm ugurlarda iş alyp barýar. Gurama dürli derejedäki jemgyýetçilik çärelerini, wagyz-nesihat duşuşyklaryny, okuw-seminarlary, maslahatlary we ekologik çäreleri geçirmek arkaly jemgyýetiň ähli gatlaklaryny bu işe çekmegi maksat edinýär.